La Liganyň ýolbaşçylygy möwsümi dikeltmek üçin toparlaryň türgenleşik meýilnamasyny taýýarlady

  • 06.04.2020 23:51
  • 5.8k+

Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň (La Liga) ýokary diwizionynyň ýolbaşçylygy möwsüm dikeldilen ýagdaýynda klublaryň türgenleşik işleriniň meýilnamasyny işläp düzdi. Bu barada “AS” neşirine salgylanmak bilen “Газета.Ru” portaly habar berýär, Trend hem TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Ispaniýanyň çempionaty 12-nji martda iki tapgyrlyk saklanylypdy. Emma soňrak koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawy zerarly turniriň dikeldilmegi näbelli möhlet bilen soňa goýuldy. 
La Liga 15 güni öz içine aljak dört tapgyry hödürleýär, bu tapgyrlar turnir dikeldilmezinden öň geçirilmeli. Ilki bilen türgenleşik prosesine taýýarlyk işlerini geçmeli, şondan soň futbolistler indiwidual meşgullanmaga başlarlar. Ondan soň oýunçylara sekiz adamdan üç topar boýunça türgenleşikler garaşýar, diňe şondan soň toparlar umumy işlere girişerler.
Başlamaga üç gün galanda ähli futbolistler, klublaryň işgärleri we olaryň garyndaşlary koronawirus boýunça testden geçerler. Položitel netije alnan ýagdaýynda nobatdaky izolýasiýa başlanar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......