Uaýt Nurmagomedowyň UFC 249 turnirine gatnaşmajakdygyny tassyklady

  • 06.04.2020 23:27
  • 11k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) prezidenti Dana Uaýt ýeňil agramda guramanyň çempiony Habib Nurmagomedowyň amerikaly Toni Fergýuson bilen göreş geçirmeli bolan UFC 249 turnirine gatnaşmajakdygyny tassyklady, diýip russian.rt.com habar berýär.
Bu barada Uaýt özüniň Twitterinde HBS-iň göreşiň barybir geçiriljekdigi baradaky habarlaryna jogap hökmünde ýazdy. 
“Turnir geçiriler, ýöne Habibsiz. Men göreşleriň sanawyny ertir yglan ederin” – diýip UFC-niň ýolbaşçysy aýdýar.
Nurmagomedow 1-nji aprelde koronawirus pandemiýasy zerarly Toni Fergýuson bilen göreşiň geçirilmejekdigini mälim etdi. UFC-niň çempiony häzir Dagestanda, ol serhetleriň ýapylmagy zerarly Russiýadan çykyp bilenok. Şeýlelik bilen, eýýäm bäşinji gezek bu göreşi geçirmek başa barmady.
Belläp geçsek, ýaňy-ýakynda Belorussiýada Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasyndaky göreşi geçirmäge taýýardyklary barada informasiýa peýda boldy. Bu barada ýurduň garpyşyk göreş we garyşyk başa-baş göreş Federasiýasynyň ýerine ýetiriji müdiri habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, UFC-ä resmi isleg iberilýär we promouşeniň ýolbaşçylygy Minski “şertli B meýilnama” goşýar.
“Biz UFC bilen dostlarymyz we şolar bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýanlaryň kömegi bilen habarlaşdyk. Biz olara Belorussiýada ähli zadyň mümkindigini, prezidentimiziň köpçülikleýin çäreleri geçirilmegi çäklendirmändigini aýdyp, ýagdaýy düşündirdik. Elbetde, mundan öň biz Sport ministrligi we prezidentiň işlerini dolandyryş edarasynda döwletiň razyçylygyny soradyk. Razylyk alanymyzdan soň, UFC-ä şeýle teklibi berdik” – Sport24  garpyşyk göreş we garyşyk başa-baş göreş Federasiýasynyň ýerine ýetiriji müdiriniň sözlerini getirýär.
Ýöne muňa garamazdan, Dana Uaýt netijä geldi. Bu göreş Habibsiz geçiriler.

 

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......