Türkmenistanyň Prezidenti gündelik iş orunlaryny saklap galmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy

  • 06.04.2020 19:44
  • 14k+

Ýakynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady.
Şeýle hem türkmen Lideri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz gysga wagtyň içinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň çärelerini işläp taýýarlamagy hem-de hödürlemegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany bu çäreleriň, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidigini belledi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......