Habibiň tälimçisi: eger-de Uaýt UFC 249-yň geçiriljek ýerini habar etse, Fergýuson bilen göreş bolar

  • 05.04.2020 13:02
  • 12k+

UFC-niň rus çempiony Habib Nurmagomedowyň tälimçisi Hawýer Mendes eger-de UFC-niň prezidenti Dana Uaýt ýakyn wagtda UFC 249 turniriniň geçiriljek ýerini habar berse, onda Toni Fergýuson bilen göreşiň geçirilmeginiň ähtimaldygyny habar berdi. Bu barada championat.com saýtynda aýdylýar.
“Göreş heniz resmi taýdan ýatyrylanok, şonuň üçin men Dena Uaýt bahym UFC 249 turniriniň geçiriljek ýerini habar eder diýip umyt edýärin. Şonda biz özümiziň ilkibaşdaky meýilnamamyza dolanarys we Fergýuson bilen göreş hem geçiriler. Eger şeýle bolmasa, onda bu göreşiň sentýabra süýşürilip, San-Fransiskoda ýa-da Abu-Dabide geçirilmegine garaşaryn. Habib hemişe türgenleşýär, ýöne onuň türgenleşikleri idealdan daşda. Karantin şertlerinde türgenleşik proseslerini bir depginde saklamak kyn” – diýip, Hawýer Mendes özüniň podkastynda aýdýar.
Ýatladyp geçsek, öň UFC Nurmagomedowa göreşi ABŞ-da geçirip bolmaýandygyny habar berdi, netijede ol türgenleşik lagerini geçirýän ýerinden ýurtdan gitdi. 1-nji aprelde Habib Fergýuson bilen göreşiň ýatyrylandygyny, sebäbi karantin sebäpli serhetleriň wagtlaýyn ýapylmagy bilen Russiýadan çykyp bilmeýändigini habar berdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......