Ronaldu karýerasy üçin $1 mlrd gazanýan ilkinji futbolçy bolar

  • 05.04.2020 12:40
  • 6.1k+

Turin “Ýuwentusynyň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu taryhda karýerasy üçin $1 mlrd gazanýan ilkinji futbolçy bolar, diýip Business Insider portalyna salgylanmak bilen sportmail saýty nygtaýar.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, futbolçy koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda girizilen karantin sebäpli aýlyklaryň azaldylandygyna garamazdan, 2020-nji ýylda milliard dollar belgisine ýeter.
“Ýuwentusdaky” aýlygyndan başga-da, Ronaldu CR7 erkek eşikleriniň brendine eýeçilik etmegiň we myhmanhanalar torunyň hasabyna, şeýle-de mahabat şertnamalarynyň hasabyna-da gazanýar.
Ronaldu taryhda milliard gazanýan üçünji sportsmen bolar. Bu öň golfçy Taýger Wudsa we boksçy Floýd Meýwezer-kiçä başartdy. Mundan başga-da, 2020-nji ýylda olara şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşulmaly. 
Belläp geçsek, ýaňy-ýakynda Marca ispan neşiri öz okyjylarynyň arasynda taryhda iň gowy futbolça ses berlişik geçirdi. Ses berlişik pleý-off formatynda gurnaldy, onda okyjylar birnäçe rowaýaty oýunçylardan kimdir birini saýlamalydy, şondan soň ýeňiji indiki raunda geçýär. Final duelinde Lionel Messi (“Barselona”) we Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”) gabat geldi. Iň gowy futbolçy diýlip sesleriň 54%-ni ýygnan portugaliýaly oýunçy ykrar edildi. Argentinaly oýunçyny ulanyjylaryň 46%-i saýlady. 
Ses bermäniň final ýolunda Ronaldu Paolo Maldiniden, Zinedin Zidandan we Diego Maradonadan öňe geçdi. Messi bolsa Ferens Puşkaşdan, Alfredo Di Stefanodan, Ronaldodan öňe geçdi. Üçünji orny Maradonadan 2% köp ses gazanmak bilen Ronaldo eýeledi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......