Habib Nurmagomedow Konor Makgregora jogap berdi

  • 04.04.2020 23:47
  • 23k+

Ýeňil agram boýunça UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow ony Toni Fergýuson bilen göreşi ýatyrmakda aýyplan we gorkak diýip atlandyran Konor Makgregora jogap berdi.
“Haçan-da men ony soňky gezek “ýok edenimde”, ol “meniň aýagym günäkär” ýa-da şoňa meňzeş “men gowy formada däldim” diýipdi. Indi nädip ol gowy formada bolýar? Nädip? Ýaňy-ýakynda ol “adamlar, haýyş sizden, öz maşgalaňyz barada alada ediň, howpsuz ýerde boluň, öýüňizde galyň, hökümet bizden öýde galmagymyzy haýyş edýär” diýen habary aýdypdy. Bu birnäçe gün mundan öň boldy, indi bolsa ol “men gowy formada, kimdir biri uruşmaly, kimdir biri uçmaly” diýýär. Bu meniň üçin ýasamalyk. Men hemişe öz bolşum ýaly bolýaryn – kimdir birine bu ýaraýar, kimdir birine ýok. Hemmä kişä ýaranmak – meniň işim däl, ýöne men hemişe hakyky özüm bolýaryn. Ýöne bu ýigit bolsa ýasama, ol aslynda näme üçin öz formasy barada gürleýär? Ol özüniň adasynda öýünden çykman oturýar we koronawirus zerarly gorkudan ýaňa titreýär, birden ol bu zatlary ýatdan çykaryp, özüniň formasy barada gürleýärmi?” - fighttime.ru Habibiň ESPN-e beren interwýusynda aýdan sözlerini getirýär.
“Eger-de ol ýatdan çykaran bolsa, men oňa 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda näme bolandygyny ýatladaýyn. Sen alty aý türgenleşik lagerinde bolduň, ähli mümkin bolan zatlary etdiň, göreşe çenli köp erbet zatlary gürlediň, gaty köp türgenleşdiň, oktagona çykdyň we gorkak ýaly uruşdyň. Men UFC-de wagtym Toni Fergýuson – wagtlaýyn çempion, Konor bolsa hemişe ikinji belgili bolar, ol meni hiç zat edip bilmez. Kletkanyň içinde ol nol. Haçan-da biz urşanymyzda, ol näme edip bildi? Hiç zat. Hemmeler onuň aýak üstünde durşy barada gürrüň etdiler we men oňa bu mümkinçiligi döretdim. Men onuň bilen tutuş bir raund durdum, ol şonda-da hiç zat edip bilmedi”.
“Men hemişe birinji belgili bolaryn, olar bolsa wagtlaýyn hem, ýasama-da, islendik biri bolup bilerler, bu ýigitler meniň derejämde däl. Toni wagtlaýyn çempion bolmaga mynasyp, Konor hemişe ikinji belgili bolar, ýöne hemmeler kimiň gowudygyny bilýärler”.
Ýatladyp geçsek, Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasyndaky ýeňil agramda titul göreşi 18-nji aprelde UFC 249 turnirini esaslandyrmalydy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......