Türkmenistan ulag agentlikleriniň işine goldaw berer

  • 04.04.2020 17:38
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda howa ulaglarynyň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany wise-premýer B.Öwezowa gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe mümkinçiliklerine jikme-jik seretmegi tabşyrdy.
Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagy mümkin. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......