Türkmenistanda koronawirusyň telekeçilige ýetirýän täsirini azaltmak boýunça çäreler görler

  • 04.04.2020 08:16
  • 12k+

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmagy, şeýle hem, emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl garaşylýan netijeleriniň düýpli seljermesini geçirmegi tabşyrdy.
Şonuň bilen birlikde, Döwlet býujetine we býujet çykdajylaryna gaýtadan seretmek boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek barada görkezme berildi.
Türkmen Lideri koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmek möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmek barada görkezme berildi. Salgytlary tölemegiň möhletleri gaýra goýulmaga we karz boýunça bergileri tölemek babatda ýeňillikler berilmäge degişli kärhanalaryň sanawyny kesgitlemeli.
Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny aýdyp, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny köp çekip, bu meseleleriň üstünde tutanýerli işlemegi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......