Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň ykdysadyýete täsiri bilen bagly goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy

  • 04.04.2020 08:11
  • 12k+

Ministrler Kabinetiniň 3-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýäde örän çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigini belledi. Dürli derejeli agentlikleriň halkara bilermenleri şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy derejede pese düşmegini çaklaýarlar. Koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsir edýändigini belleýärler.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri goşmaça çäreleri görmegi hem-de işläp gelýän önümçilikleri we iş orunlaryny saklamagy tabşyrdy. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi içerki önümçiligi ýokary depginli ösdürmek we senagat taýdan öz-özüňi üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak, importy azaldyp, eksporty artdyrmak esasynda üpjün edilmelidir. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek iň möhüm ugurlaryň biri bolmalydyr.
Şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlendi. Bu wezipeler bizden ýokary depginler bilen köp işleri amala aşyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin biz yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berilmelidir. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikler doly peýdalanylmalydyr. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi biziň yhlasly zähmetimize bagly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýdylanlary jemledi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......