Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri koronowirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýy maslahatlaşdylar

  • 03.04.2020 09:02
  • 11k+

2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow telefon arkaly söhbetdeşlikde dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşarky ýagdaýlara garamazdan, öz wagtynda bilelikde görlen çäreleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi. 
Söhbetdeşler şeýle hem taraplaryň köp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmen Lideri Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......