2020-nji ýylyň iň gowy oýunçylary belli edildi, Messi top-50-ä girmedi

  • 02.04.2020 21:23
  • 10k+

CIES futbol obserwatoriýasy 2020-nji ýylyň ýewropa çempionatynyň top-5-liginiň iň gowy oýunçylarynyň reýtingini düzdi. Bu sanawy “Liwerpul”-yň kapitany Jordan Henderson 93,0 ortaça görkeziji bilen esaslandyrmagy başardy, bu barada news.sportbox.ru habar berýär.
Ortaça reýting düzülen ýagdaýynda oýunçylaryň görkezijileri we olaryň indiwidual hem-de toparlaýyn derejede işjeňliginiň netijeleri göz öňünde tutuldy.
CIES-iň maglumatlary boýunça iň gowy oýunçylaryň 10-lugy:
1. Jordan Henderson (“Liwerpul”) – ortaça görkeziji 93,0.
2. Presnel Kimpembe (“PSŽ”) – 91,1.
3. Týago Alkantara (“Bawariýa”) – 91,1.
4. Jeýdon Sanço (“Borussiýa” D) – 90,7.
5. Jerom Boateng (“Bawariýa”) – 90,3.
6. Marko Werratti (“PSŽ”) – 90,3.
7. Mussa Diabi (“Baýer”) – 90,3.
8. Iosip Iliçiç (“Atalanta”) – 90,1.
9. Lukas Pişek (“Borussiýa” D) – 90,0.
10. Anhel Di Mariýa (“PSŽ”) – 89,9.
Belläp geçsek, sanawyň top-50-ligine “Barselona”-nyň kapitany Lionel Messi (52-nji orun) girmedi, “Ýuwentus”-yň lideri Kriştianu Ronaldu bolsa 27-nji setirde ýerleşdi.

düýn 20:20
4.8k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler...

düýn 19:45
3.8k+

Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki ýaryşlarynyň finallaryna biletler näçeden?

 UEFA 2026-njy ýylyň klub ýaryşlarynyň finallaryna biletleri satyp başlady we eýýäm stadiona girmegiň aňsat bolmajakdygy düşnükli. Biletleri diňe guramanyň resmi saýty arkaly alyp bolýar, emma olary göni satyn almak mümkin däl...

düýn 15:25
1.9k+

“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy

Angliýanyň premier-ligasy Londonyň “Çelsi” klubuna 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, klub Roman Abramowiçiň eýeçiliginde bolan döwründe goýberilen maliýe düzgün bozulmalary üçin 10,75 million funt sterling (takmynan 14,3 million dollar) jerime saldy...

16.03.2026 17:11
5.2k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...