Türkmenistan we Gruziýa sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirdi

  • 02.04.2020 20:32
  • 4.4k+

Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda 1-nji aprelde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşiklerde ulag-üstaşyr ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly ähmiýet berildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.
Taraplar “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek meselesine aýratyn üns berdiler. Gruziýanyň Poti halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar daşary ýurtlardan gelýän otlulary we wagonlary ýuwup arassalamak, zyýansyzlandyrmak boýunça gruzin tejribesi barada gürleşdiler.
Logistika ulgamynda özarabähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygy barada aýdyp, taraplar ýük daşamak, gümrük paçlary, söwda ýeňillikleri, degişli edaralar tarapyndan özara hasaplaşyklary geçirmek ugrunda nyrh emele getirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.
Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de gepleşiklere Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem-de birnäçe agentlikleriň we ulag-logistika merkezleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......