Nurmagomedow – Fergýuson söweşi geçirilmez

  • 02.04.2020 19:47
  • 11k+

UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly Toni Fergýusona garşy geçiriljek göreşiniň ýatyrylandygyny aýtdy, diýip Trend agentligi Interfaksa salgylanyp habar berýär.
«Men ähli zada oňat düşünýän we bu söweşiň ýatyrylandygyna sizden hem beter gynanýaryn. Megerem, meniň hem hemmelerdäki ýaly, bu söweşden soň uly meýilnamalarym bardyr, ýöne men ähli zada erk edip bilemok» - diýip ruusiýaly türgen, söweşiň ýatyrylandygyny koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen düşündirip, instagram sahypasynda ýazypdyr.
«Öýde oturan ýerimde meniň söweşim bilen bagly adamlaryň reaksiýalaryny okaýaryn. Diýmek şeýle bolýar-da, tutuş dünýä karantinde oturmaly, dünýä döwletleriniň hökümetleriniň ählisi adamlary öýlerinde galmaga çagyrýar, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge çagyrýar. Habib bolsa, ähli borçnamalardan boşadylyp, erkiň azatlygyny görkezip, janyny howp astyna salyp dünýäde aýlanyp ýörmelimikä?» diýip, Nurmagomedow sorag bilen ýüzlenýär.
Söweş 18-nji aprelde Nýu-Ýorkda geçmelidi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......