“Ýuwentus” Ronalduny 70 mln ýewro satar ýa-da çökgünlik zerarly aýlygy peseltmek bilen şertnamany uzaldar

  • 01.04.2020 20:13
  • 7.1k+

“Ýuwentus” koronawirus pandemiýasy bilen bagly toparyň düşen kyn ýagdaýyndan çykalga tapmaga synanyşýar.
“A Bola” portugal gazetiniň “II Messaggero” gazetine salgylanmak bilen habar bermegine görä, çökgünlikden “Ýuwentus”-yň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu zyýan çekip biler. Çeşmäniň maglumatlary boýunça, italýan kluby üç warianty gözden geçirýär.
Ýagny, Ronalduny başga bir kluba satyp bilerler (häzir hüjümçi 70 mln ýewro möçberinde bahalandyrylýar). Galan iki wariant bolsa onuň “Ýuwentusda” karýerasyny dowam etdirmegi bilen bagly. Ronaldu klub bilen şertnamasyny ýene bir ýyl uzaldyp biler, ýöne bu ylalaşyga laýyklykda, onuň aýlygy ep-esli peseldiler. Başga bir ýagdaýda, Ronaldu 2022-nji ýyla çenli, ýagny onuň häzirki şertnamasynyň möhleti tamamlanýança “Ýuwentusda” galar.
Öň, “Ýuwentusyň” oýunçylary bilen aýlyklary peseltmek barada ylalaşyga gelendigi belli boldy, şunuň esasynda klub 90 mln ýewro töweregi tygşytlap biler. Ronaldunyň bolsa “Ýuwentusyň” senatorlary Jorjo Kýellini (ideýany öňe sürüji) we Janluiji Buffon bilen gürleşeninden soň aýlygyň ýylda 3,8 mln ýewro peseldilmegine razy bolandygy habar berildi.
Ýatladyp geçsek, biz öň Kriştianu Ronaldunyň “Ýuwentusdan” gitmek isleýändigini habar beripdik. “Pari Sen-Žermen” we “Mançester Ýunaýted” bu oýunçy bilen gyzyklanýar. Bu klublar eýýäm oňa teklip hem etdiler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......