Marca: La Liganyň oýunlary 27-nji iýuna çenli dikeldilmese, çempionat ýatyrylar

  • 01.04.2020 19:52
  • 3.3k+

Ýewropa çempionatyny alyp baryjylar gepleşikleri geçirmek we koronawirus bilen bagly ýagdaýdan çykmagyň ýollaryny gözlemek işlerini dowam etdirýärler.
Çempionatlary apreliň ortalarynda-maýyň başlarynda dikeltmegi göz öňünde tutan iň bir optimistik meýilnamalar hem häzirki wagtda gyra goýulýar, çünki bu ýagdaýda çempionatlaryň geçiriljekdigine-de ynam az.
La Liganyň we Ispaniýanyň Şalyk Futbol Federasiýasynyň ýolbaşçylygy 2019/20 möwsümiň duşuşyklaryny tomusda geçirmegi meýilleşdirýärler, bu barada liganyň Prezidenti Hawýer Tebas Premýeranyň we Segundanyň prezidentleri bilen geçiren wideokonferensiýasynda habar berdi, bu barada merengues.ru habar berýär.
Ýöne “Marca” ispan gazetiniň maglumatlaryna laýyklykda, indi 27-nji iýun diýlip ahyrky möhlet goýuldy. Eger-de şu wagta çenli möwsümi dikeltmek başartmasa, onda ol, ähtimal, ýatyrylar.
“Eger-de 27-nji iýuna çenli ýurtda ýaşaýyş-durmuş kadaly ýagdaýa gelmese, onda futbol adamlary gaty bir gyzyklandyrmaz” – diýip prezidentleriň biri belleýär.
Wakanyň ösüşiniň iň pessimistik meýilnamasy bolsa şundan ybarat – ýagny, tomusda toparlar bir aýyň dowamynda hepdede 3 oýundan oýnamaly bolarlar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......