Türkmenistanyň futzal boýunça täzelikleri futsalplanet.com saýtynda hem berlip başlandy

  • 01.04.2020 18:56
  • 3.2k+

Türkmenistanyň futzal ýaryşlary baradaky täzelikler halkara giňişliginde belli bolan futsalplanet.com saýtynda köpçülige ýetirilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
Bu saýtyň esasy sahypasyna gireniňizden soň, onuň LEAGUES&CUPS bölümine girmeli. Onuň yzysüresi bolsa ýurdy saýlamaly (meselem: Turkmenistan), şondan soň saýlan ýurduňyzyň çempionatynyň ýaryş tertibidir duşuşyklarynyň geçiş tertibine syn edip bilersiňiz.
Belläp geçsek, mundan öň, futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy baradaky habarlar Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň saýtlarynda, şeýle hem beýleki türkmen saýtlarynda futzal janköýerlerine ýetirilýärdi.

şu gün 16:20
854

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

şu gün 15:41
1.6k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy...

şu gün 13:10
2.7k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar...

şu gün 09:33
2.2k+

Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi...