Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň institutyna baryp gördi

  • 01.04.2020 09:06
  • 10k+

31-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallary synlamakdan başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. 
Soňra döwlet Baştutany Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we ministrligiň garamagyndaky institutyň “Nesil” hokkeý toparlarynyň türgenleşýän “Galkan” gyş sport merkezine bardy. 
Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýerde hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutany hokkeýçilere sport egin-eşiklerini sowgat berdi.
Soňra döwlet Baştutany bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlar bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy.
Institutyň binalar toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, olarda hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak hem-de okatmagyň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýokary okuw mekdebiniň zerur bolan enjamlar bilen üpjünçilik derejesi şunuň ýaly ugurdaş okuw mekdeplerine bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......