Getji ýa-da Porýe Fergýusona garşy göreşde Habibiň ýerini çalşyryp biler

  • 01.04.2020 08:10
  • 10k+

Ýeňil agram boýunça Absolýut göreş çempionatynyň çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly Toni Fergýuson bilen göreş geçirer ýaly Russiýadan çykmaly bolýar diýip russian.rt.com saýtynda bellenilýär.
Rus hökümetiniň saýtynda aýdylyşy ýaly, 30-njy martda ýarygijeden başlap ýurduň territoriýasynda awtomobil, demir ýol arkaly, pyýada hereketler we geçirme boýunça derýa hem-de garyşyk nokatlar koronawirus zerarly wagtlaýyn ýatyrylar. Ýöne muňa garamazdan, eýýäm 27-nji martdan ähli awiagatnawlary gadagan edildi.
Şonuň üçin Toni Fergýusona garşy göreşde ýeňil agramly Jastin Getji UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedowyň ýerini çalşyryp biler. Habibiň serhetleriň ýapylmagy bilen Russiýadan çykyp bilmeýändigi sebäpli UFC Fergýusona Getjiniň kandidaturasyny hödürledi. 
Ýeňil agramly göreşiji Dastin Porýe hem Habib Nurmagomedowyň Toni Fergýuson bilen göreşmeli bolan UFC 249 turnirine gatnaşyjy bolmaga taýýardygyny habar berdi. 
“Taýýarlanmak üçin gaty bir oňaýly möhlet-ä däl, ýöne men maňa özümiň iň gowusydygymy subut etmäge mümkinçilik berjek islendik pursata ýapyşmaga taýýar.
Men eýýäm özümiň Toni bilen göreşmäge taýýardygym barada ýazan hatymy UFC-niň ýolbaşçylaryna iberdim” – diýip Porýe belleýär. Häzirki wagtda Habib-Fergýuson göreşi ýatyrylmak howpunyň astynda, sebäbi Habib Russiýadan çykyp bilenok. Belki 18-nji aprele çenli ýagdaý üýtgär. Häzirlikçe bolsa UFC 249 heniz hem 18-nji aprele meýilleşdirilen.
Öň Habib Nurmagomedow özüniň islendik biri bilen göreşmäge taýýardygyny aýtdy: “Islendik ýerde, islendik wagt. Hut şunuň üçin men häzirki sportsmen, häzirki çempion. Maňa diňe ýeri bilen wagty aýdyň, men şol ýerde bolaryn. Men islendik biri bilen uruşmaga taýýar. Ýöne käbir zat hemişe bize bagly däl”.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......