Dowamly dartgynlyk beýnini nähili üýtgedýär

  • 31.03.2020 23:48
  • 7.5k+

Yzygiderli stres organizmde çişiň emele gelmeginiň esasy sebäbi hasaplanylýar. Hroniki çişme bolsa diabetden we ýürek kesellerinden başlap birnäçe meselelere getirýär. Sagdyn adamyň beýnisi gematoenfalik barýer arkaly goragly bolýar. Dowamly stresde şol barýer ýumrulýar we hereket edip gezýän çiş dörediji beloklar beýnä düşüp bilýär, diýip popmech.ru habar berýär.
Bilime we ýada jogap berýän gippokamp hemmesinden beter zyýan çekýär. Adamlarda geçirilen barlaglar çişiň motiwasiýa we aňlylyk bilen bagly beýni sistemasyna otrisatel täsir edip bilýändigini görkezdi.
Şeýle-de, stresiň kortizoldan we kortikotropin rilizing-gormonyndan başlap, kelle beýnisindäki gormonlara-da hemişe täsir edýändigi barada maglumat bar. Kortizolyň dowamly ýokary derejesi keýpiň bozulmagyna we gippokampyň peselmegine getirýär. Bu birnäçe fiziki problemalara-da getirip bilýär. Gaýtalanyp durýan stres depressiýany hem döredýär.
Peselen gippokamp hem köplenç sagdyn adamlarda däl-de, depressiýaly adamlarda ýüze çykarylýar. Hroniki stres ahyrky netijede beýnidäki akyl ýetirme prosesine we keýpe, şol sanda serotonina (şähdaçyklygyň gormony) jogap berýän himiki maddalary üýtgedýär. Serotonin şähdaçyklygyň we özüňi gowy duýmagyň üçin zerur. 
Stres rasional pikirlenme bilen emosiýanyň arasyndaky balansy hem bozup bilýär. Stres bilen uky problemasy gönüden-göni baglanyşyklydyr. “Bir gün ukusyzlyk hiç hili howpy döretmeýär, emma agyr işlemek we ukyňy almazlyk bolsa birnäçe ýylyň dowamynda organizmiň resurslaryny “sorup alýar”, bu bolsa ahyrynda adam üçin ir ýogalma bilen tamamlanyp bilýär” – diýip, Mýunhen tehniki uniwersitetiniň medisina fakultetiniň professory belleýär.
Iş bilen bagly ýüze çykan stres resmi taýdan psihiki bozulma diýlip hasaplanylýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleriniň pikiriçe, işde ýüze çykýan stres XXI asyryň epidemiýasyna öwrüldi.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....