Hawi “Barselonany” güýçlendirip biljek oýunçylary atlandyrdy

  • 31.03.2020 06:51
  • 8.7k+

“Barselona”-nyň ozalky oýunçysy we häzirki wagtda “Al-Sadd” klubynyň baş tälimçisi Hawi Ernandes “gök-gyzyllary” kimiň güýçlendirip biljekdigi baradaky pikiri bilen paýlaşdy.
“Oýunçylaryň köp bölegi meniň üçin adatdan daşary oýunçy. Meniň üçin dünýäde iň gowusy bolan derwezebandan başlap, Jordi Alba meniň üçin dünýäde iň gowy çepki goragçy, Pike dünýäde iň gowy merkezi goragçy, Buskets dünýäde iň gowy goranýan merkezi hüjümçi, Messi bolsa dünýäde iň gowy oýunçy. Eger-de Luis Suaresi, Frenki de Ýongy we Artury goşsak, olar meniň üçin ýene-de bir on ýyl “Barselonada” kämilleşjek futbolçylar bolup durýar.
Baza örän gowy. Men esasan gapdaly güýçlendirerdim. Meselem, Neýmar. Men onuň sosial meselede gabat gelýändigi ýa-da däldigini bilemok, ýöne futbolda bolsa men onuň sanawa goşulmagynyň örän gowy boljakdygyna şübhelenemok. “Barselona”-nyň eýýäm içki oýny bar, ýöne oňa “Bawariýa”-daky ýaly gapdaly ýetenok. Topara täze oýunçy kän gerek däl. Jeýdon Sanço bilen Serž Gnabri gerek bolup biler” – diýip “La Vanguardia” ispan gazeti Hawiniň sözlerini getirýär.
Mundan başga-da championat.com “Barselona”-nyň koronawirus pandemiýasy zerarly maliýe ýitgilerinden howatyr edýändigini habar berdi. Çeşmäniň maglumatlary boýunça, klub 100 mln ýewro möçberinde ýitgi çeker diýlip çaklanylýar, bu bolsa 2019/2020-möwsüminiň 10% töweregine barabar bolar. Hut şu sebäp bilen hem klub oýunçylardan aýlyklary 70% azaltmaga razy bolmagy sorady, bu azaltma olara 106 mln ýewrony tygşytlamaga kömek eder.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......