Konor karantin barada: “Azatlyga çykmaga bäş hepde galdy. Wagty hasaby başlady”

  • 31.03.2020 06:03
  • 10k+

Iki diwizion boýunça UFC-niň ozalky çempiony Konor Makgregor koronawirus pandemiýasy wagtynda karantiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyryş bilen jemgyýete wideoýüzlenmesini ýazgy etdi, bu barada Sports.ru habar berýär.
“Hemmäňize salam, salam Irlandiýa! Häzir biz has düýpli çäklendirmeleri girizdik we maňa muny görmek ýakymly.
Görşüňiz ýaly, eger-de siz oýna girmeseňiz, siz ony ýeňip bilmersiňiz. Häzir biz şu oýna girdik, indi bolsa düzgünleri berk berjaý etmek bilen biz ýeňiş gazanarys.
Irlandiýalylara ýüzlenýärin – biz kanunlar, şeýle-de şu gün liderlerimiz tarapyndan öňe sürlen maslahatlary berjaý etmeli. Biz öýden iki metr uzaklykda bolmaly däl, hiç hili gezelenç etmeli däl we möhüm däl işleriň ählisini tamamlamaly.
Häzir biz muny hökman berjaý etmeli, men ýurdumyzyň saglygy we howpsuzlygy üçin dileg edýärin. Munuň esasynda biziň we biziň ýakynlarymyzyň durmuşynyň ykbaly çözülýär. Biz bilelikde türgenleşik işlerini öý şertlerinde güýçlendirmeli we biz immunitetimiz üçin sagdyn iýmiti kabul etmeli.
Beýleki milletlere ýüzlenýärin – bu çäreleri berjaý ediň we bäş hepdä taýýarlyk görüň. Şundan soň biz azat. Erkinlige çykmak üçin bäş hepde galdy. Biz muny etmegi başararys. Wagty yzlygyna sanamak häzir başlanýar” – diýip, Makgregor aýdýar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......