Messi 70% aýlygyndan aýryldy. Klublar karantin wagtynda çykdajylary azaldýarlar

  • 30.03.2020 13:42
  • 5.5k+

Çykdajylary azaltmagyň iň bir aýdyň ususly – bu futbolçylaryň aýlyklaryny kemeltmek. Meselem, “Barselonada” futbolçylaryň aýlygyna ähli çykdajynyň 66%-i gidýär. Futbolçylaryň tölegini azaltmak meselesi eýýäm FIFA-da maslahatlaşylýar, gurama ähli oýunçylara arakesme wagtynda aýlyklaryň iki esse peseldilmegine meýletin razy bolmagy hödürleýär.
Häzirlikçe käbir ligalar we klublar bu meseläni özbaşdak sazlamaga çalyşýarlar. Bu bolsa hatda iň köp hak tölenýän oýunçylaryň hem uly möçberli puly ýitirmegine getirýär.
Angliýa. IPL-iň (APL) klublary häzir aýlyklary azaltmak mümkinçiligini maslahatlaşýarlar. Iň amatly wariant hem hepdede 15 müň funt-dan köp gazanýan oýunçylaryň ählisi üçin aýlyklary 50% azaltmakdan ybarat.
Ýöne bu hem mümkin bolan wariantlaryň biri. Klublar bu meseläni maslahatlaşmak üçin ýene duşuşarlar. Şeýle-de aýlyklary 20% azaltmak hem ýeterlik diýen wariant hem hereket edýär. Bu bolsa esasan “baý bolmadyk” toparlara kömek eder, top-6-lyga girýän klublar bolsa islendik çözgüde goşularlar.
Ispaniýa. “Barselona” ähli toparlaryň (baryp gandbola we basketbola çenli) oýunçylary we ähli işgärler üçin aýlyklary 70% azaltdy. Ilki ylalaşmakçy boldular, emma bu başa barmady, şonda ERTE kanunyndan (Iş güýjüni sazlamagyň wagtlaýyn meýilnamasy) peýdalanyldy. Ol boýunça ähli zat kanuna laýyk ýerine ýetirildi. Bu kanundan “Atletiko” we “Espanýol” hem peýdalandy. “Real” bolsa heniz oýunçylarynyň aýlyklaryny peseldenok.
Italiýa. “Gazetta della Sport” neşiri Seriýa A-nyň klublarynyň häzirki wagtda çempionatdaky arakesme wagtynda aýlyklary doly derejede ýatyrmak barada maslahatlaşýandyklaryny ýazýar. “Ýuwentus” birnäçe çözgütleri gözden geçirýärler: aýlygyň bir böleginden ýüz öwürmek ýa-da arakesme wagtynda bir aýlap tölegsiz oňmak. Ronaldu muňa eýýäm razy boldy – ispan neşirleri portugaliýaly oýunçynyň 3,8 mln ýewro (ýyllyk aýlygyň 12% töweregi) ýitirip biljekdigini ýazýarlar.
Fransiýa. Liga 1-iň klublary ähli işgärler üçin aýlyklary iki esse peseldýärler. Hatda “PSŽ” hem klubdaky hemme adamlary bölekleýin ýa-da tehnologik işsizlige geçirýär. Bu parižlilere döwletden uly bolmadyk möçberde kompensasiýa almak bilen, 70% aýlygy tölemäge mümkinçilik berer.
Germaniýa. Bu ýerde klublar özbaşdak çäreleri amala aşyrýarlar. Öňdebaryjy klublar eýýäm uly bolmadyk toparlara maliýe taýdan kömek edýärler. Bundesliganyň käbir klublarynda oýunçylar beýleki işgärleriň peýdasyna aýlyklaryň azaldylmagyna razy boldular. “Bawariýa” bolsa oýunçylaryň aýlyklaryny 20% kemeltdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......