Daşoguzda gowaça ekişi badalga aldy

  • 30.03.2020 06:59
  • 2.2k+

29-njy martda Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine başladylar. Howa şertlerine görä, ýurdumyzyň bu sebiti ekişe beýlekilerden biraz gijräk girişýär.
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 155 müň gektara gowaça ekiler, şonça meýdandan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, Daşoguz-144”,“Serdar”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” we beýleki orta süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berýärler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryna laýyklykda, ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalary—dürli kysymly traktorlar, ekijiler, hatararalaryny bejerýän gurallar bu ekiniň geljekki hasylynyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň takyk depginini üpjün eder.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda tehnikalaryň üsti ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygýan kombaýnlarynyň 300-si bilen ýetirildi. Şu ýyl bolsa bu kombaýnlaryň ýene 300-siniň gelmegine garaşylýar. Şu ýyl ýurdumyza “John Deere” kompaniýasynyň köpugurly traktorlarynyň 155-si, hatararalaryny bejerýän gurallaryň 155-si hem-de ilkinji gezek sekiz hatarly takyk gowaça ekijileriň 98-si gelip gowuşdy. Olaryň ählisi sanly elektron telematik ulgamy arkaly dolandyrylýar.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......