«Ýuwentusyň» futbolçylary pandemiýa döwründe aýlyk haklarynyň azaldylmagyna razylaşdylar

  • 29.03.2020 13:48
  • 6.3k+

Italiýanyň «Ýuwentus» klubynyň ýolbaşçylary koronawirus pandemiýasy döwründe aýlyk haklarynyň azaldylmagy bilen baglanyşykly futbolçylar bilen ylalaşyk gazandylar. Bu barada Trend TASS agentligine salgylanyp habar berýär.
Futbolçylaryň bir ýylky zähmet haklary 2020-nji ýylyň mart, aprel, maý we iýun aýlarynyň jemi aýlyk hakyna deň bolar. Bu ylalaşygyň netijesinde «Ýuwentus» 2019/2020 möwsümde 90 mln ýewro töweregi tygşytlar. Ýakyn wagtda şahsy şertnamalaryň goşmaça şertleri ylalaşylar. Bellenilişi ýaly, möwsümiň gaýtadan dikeldilen ýa-da resmi taýdan tamamlanan diýlip yglan edilen ýagdaýynda klub we oýunçylar ylalaşyklara gaýtadan serederler.
Klubyň resmi habarynda bellenilişi ýaly, «Ýuwentus» hemmeler üçin çylşyrymly döwürde ýagdaýa düşünendikleri üçin oýunçylara we tälimçilere minnetdarlyk bildirmek isleýär».
Italiýanyň çempionaty koronawirus pandemiýasy zerarly azyndan 3-nji maýa çenli togtadyldy. «Ýuwentus» turnir tablisasynda 26 oýundan soňra 63 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji ýerde Rimiň «Lasio» kluby (62 utuk, 26 oýun) we üçünji ýerde Milanyň «Interi» (54 utuk, 25 oýun) dur.
Italiýada koronawirus ýokanjy bilen kesellemäniň 70 müňden gowrak ýagdaýy hasaba alyndy, ýurtda ýogalanlaryň sany 10 müňden geçdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......