18-nji aprelde ahyrsoňunda Habib Fergýuson bilen göreşer

  • 29.03.2020 12:38
  • 11k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasyndaky titul ugrundaky göreşi süýşürmek meselesine asla ýol bermeýär, diýip Trend agentligi REN TW salgylanyp habar berýär.
«Izwesitiýa» neşiriniň habar berşi ýaly, D.Uaýt Maýk Taýson bilen söhbetdeşliginde uzak garaşylan Nurmagomedow – Fergýuson göreşini UFC 249 ýaryşynyň çäkleirnde geçirmäge çalyşjakdygyny beýan etdi.
«Men 18-nji aprelde Habib bilen Toniniň söweşini geçirmäge we şonuň bilen hem adamlara az-kem kadaly durmuşa dolamaga çalşaryn» - diýip Uaýt aýtdy.
UFC-niň prezidenti guramaçylaryň öz maksatlaryndan dänmejekdiklerini aýtdy. Mundan başga-da, ol habar beriş serişdelerini «elhenç» ýagdaýy döretmekde aýyplady.
«Adamlar köpçülikleýin hajathana kagyzyny satyn alýarlar. Eger-de siz daş-töweregiňize göz aýlasaňyz, onda adamlaryň başga-da köp sanly geň zatlary edýändiklerini görersiňiz. Bu zatlar gorkynyň etdirýän zady» - diýip, Uaýt aýtdy.
24-nji martda, guramaçylar çempionlyk duşuşygyny geçirmäge ýer tapandyklaryny aýtdylar. Ol ýer, häzirlikçe, gizlinlikde saklanýar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......