«Borussiýanyň» futbolçysy Roýs Dortmundyň kärhanalaryna 500 müň ýewrony haýyr-sahawat etdi

  • 29.03.2020 11:38
  • 5.4k+

«Borussiýa» (Dortmund) futbol klubynyň futbolçysy Marko Roýs dogduk şäheri Dortmundyň koronawirus pandemiýasy zerarly kynçylyklara sezewar bolan kiçi we orta telekeçilerine 500 müň ýewrony haýyr-sahawat hökmünde geçirdi. Bu barada futbolçy Instagram sahypasynda habar berdi, diýip Trend agentligi TASS agentligine salgylanyp habar berýär.
30 ýaşly Roýs Dortmunda doglup, 2012-nji ýyldan bäri ýerli «Borussiýa» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Futbolçy aýaly Skarlett bilen bilelikde «Öz dogduk şäheriňe ýardam et» atly gazna döretdiler. Gaznanyň serişdeleri Dortmundyň kiçi we orta kärhanalaryna kömek üçin gider.
«Häzirki wagtda ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin şahsy özara gatnaşyklary mümkin boldugyndan azaltmaly. Bu bolsa kiçi we orta telekeçilik üçin ägirt uly meseleleri döredýär. Işiniň ugruganlygyna garamazdan, olar birnäçe hepdeläp müşderisiz oňmak üçin ätiýaç toplap bilmediler. Şol bir wagtda kiçijik dükanlar, dellekhanalar, restoranlar her bir şäheriň özboluşlylygyny emele getirýär. Şonuň üçin hem olary goldamak isleýäris we sizi hem öz şäheriňizde şular ýaly işleri etmäge çagyrýarys» - diýip Roýs aýtdy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......