Türkmenistan we Belarus COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini maslahatlaşdy

  • 28.03.2020 23:23
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý bilen geçiren duşuşygynda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle hem daşary ýurtlarda galan raýatlaryň bähbitlerini goramak boýunça iki döwletiň ýolbaşçylary tarapyndan görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini we dünýädäki epidemiologik ýagdaýyň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak meselesinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler, diýlip habarda bellenilýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň 11-nji martynda COVID-19 täze koronawirus ýokanjyny pandemiýa diýip atlandyrdy.
Turkmenportal agentliginiň Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berşi ýaly, Belarusda bu günki gün koronawirus ýokanjynyň 94 ýagdaýy ýüze çykaryldy. şolardan 32-si sagalyp, hassahanadan çykarylmaga taýýarlanýar, galanlary lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar. Şol bir wagtda COVID-19 ýokanjyndan aradan çykan ýeke ýagdaý hem hasaba alynmady.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň çäginde koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem belleige alynmady.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......