“Ýuwentus” Marselony satyn almak isleýär: braziliýaly oýunçy muny islese, “Real” garşy bolmaz

  • 28.03.2020 22:50
  • 5.1k+

“Realyň” goragçysy Marselo karýerasyny “Ýuwentusda” dowam etmegi ahmal. Bu barada “Marca” gazetine salgylanmak bilen championat.com habar berýär.
“Marca” ispan gazetiniň habar bermegine görä, braziliýaly oýunçy şowsuz möwsüme we köp sanly şikes ýetmelere garamazdan, “Ýuwentusdan” başlap, köp sanly klublaryň ünsüni özüne çekýär. Bellenilip geçilişi ýaly, geçen tomusda “Ýuwentusyň” baş tälimçisi Maurisio Sarri Marselony öz toparynda görmek isledi, şonuň üçin häzir italýan kluby bu oýunça bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.
Sarri “Ýuwentusa” bu pozisiýany güýçlendirmegiň möhümdigini aýdýar we Marselo munuň üçin iň gowy wariant diýip hasaplaýar. Tälimçi düzümde Aleks Sandrony aňsatlyk bilen çalşyryp biljek oýunçyny öz toparynda görmek isleýär.
Marselonyň “Real” bilen hereket edýän şertnamasynyň möhleti iki ýyldan tamamlanýar. Eger-de oýunçy özüniň klubyny üýtgetmek barada islegini duýdursa, onda Madrid kluby “Ýuwentusyň” teklibini gözden geçirer we bu şertnamanyň amala aşyrylmagyna garşylyk bildirmez.
2019-njy ýylyň gyşynda “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň Marselony italýan klubyna geçmäge yrýandygy habar berildi. Ondan soň braziliýaly oýunçynyň “Ýuwentusa” geçmek isleýandigini “Reala” duýdurandygy belli boldy. Bu gürrüňlere garamazdan, transfer ýola goýulmady.
Şu möwsümde Marselo “Real” üçin La Ligada 11 oýna gatnaşyp, 3 gezek netijeli geçirim etdi. Braziliýaly oýunçy Madrid klubynda 2007-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......