Ýewropanyň iň “gymmat” klublary: “Ýuwentus” baha-hil gatnaşygynda iň gowusy

  • 27.03.2020 09:53
  • 6.4k+

Ýewropa futbolynyň koronawirus pandemiýasy zerarly togtadylan wagtynda oýunçylarynyň umumy gymmaty boýunça Ýewropa ligalarynyň uly bäşliginiň liderlerini deňeşdirip göreliň. Köp ýagdaýlarda “iň baý” klublar iň üstünlikli klublar bolup çykýarlar diýip news.sportbox.ru belläp geçýär. Liderleri deňeşdirmek üçin biz Transfermarkt statistik çeşmesiniň möhüm maglumatlaryny peýdalandyk.
Ispaniýa. Iň “baý” kluby: “Real” – 1,08 mlrd ýewro. Ispan ligasy – klubdaky oýunçylaryň gymmaty nukdaýnazaryndan iň bäsdeş liga. Onda Madridiň “Realy” liderlik edýär, ýöne “Barselona” hem islendik wagt birinji orna geçip biler: olaryň arasyndaky tapawut bary-ýogy 20 mln ýewro. Ýöne katalon futbolistleriniň ortaça gymmaty ýokary (degişlilikde, 48,17 mln 41,54 mln-a garşy), ýöne olaryň talapnamadaky sany az: 26 22-ä garşy.
Liderdigine garamazdan, madridliler Premýerada eýýäm iki ýyl bäri ýeňiş gazanyp bilenoklar, 2016/17 möwsüme çenli bolsa bu dört ýyla barabar boldy. Ýurduň kubogyny “Şa kluby” alty ýyl bäri alyp bilenok. 
Angliýa. Iň “baý”: “Mançester Siti” – 1,27 mlrd ýewro. Soňky iki ýylyň içinde Angliýanyň çempionatynda titul üçin iki klub – “Mançester Siti” bilen “Liwerpul” göreşýär. Olar ligada öz oýunçylarynyň umumy gymmaty boýunça-da liderlik edýärler: 1,27 mlrd 1,19 mlrd-a garşy. Tutuş Ýewropada toparyň düzümi boýunça başga “baýlar” ýok. Bu iki topar geçen möwsümdäki görkezijileri bilen tapawutlandylar: mançesterliler iki sany milli baýraga eýe boldy, “Liwerpul” bolsa Çempionlar ligasyny utdy.
Germaniýa. Iň “baý”: “Bawariýa” – 935,15 mln ýewro. “Bawariýa” tituly, derejesi we puly boýunça-da Bundesliganyň esasy kluby. Futbolçylaryň umumy gymmaty boýunça onuň ýakyn bäsdeşi Dortmundyň “Borussiýasy” hasaplanylýar – ol mýunhenlilerden 250 mln ýewro yza galýar. 
Häzirki möwsümde “Bawariýa” dört utuk tapawut bilen birinji orunda barýar. Topar eýýäm sekiz ýyl yzygider Germaniýanyň çempiony titulyny hiç kime berenok. Geçen möwsümde olar Kuboga hem eýe boldular. 
Italiýa. Iň “baý”: “Ýuwentus”- 755,5 mln ýewro. Turinliler eýýäm birnäçe ýyl bäri ligada iň gymmat düzümi bilen tapawutlanýar we her ýyl milli titullara eýe bolýar. Häzirki wagtda “Ýuwentus” sekiz ýyl bäri Italiýanyň çempiony bolmak bilen, yzygider dokuzynjy baýraga hem dalaş edýär.  Oňa diňe geçen möwsümde ýurduň Kubogyna eýe bolan “Lasio” päsgel berip biler.
Fransiýa. Iň “baý”: “PSŽ” – 1,02 mlrd ýewro. Parižliler Ýewropada iň gymmat sport toparlarynyň birine eýe, olaryň ýurtda bäsdeşi ýok diýen ýaly. Ikinji orunda durýan “Lion”-yň düzümi hem iki esse arzan, ýagny 495 mln.
Ýedi möwsümde ýurduň çempionatynda olaryň alty ýeňşi bar. 2017-nji ýylda titula “Monako” eýe boldy. Geçen ýyl “PSŽ” finalda “Rennden” galyp, Kubogy almagy başarmady. Ýöne fransuz kluby ÇempionlarlLigasynda ýeňiş gazanmak isleýär, ol her gezek ýarym finala-da ýetip bilmeýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......