Türkmenistan azyk harytlarynyň bolçulygyny we nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça çäreleri görýär

  • 27.03.2020 09:26
  • 9.4k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümini tassyklady. Degişli Karar ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.
Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleleri netijeli çözmek üçin degişli pudagara topary döredildi. Şol topar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önüm öndüriji kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýerli öndürijileri goldamak hem-de höweslendirmek, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça çäreler işlenilip taýýarlanylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda heniz ýeterlik öndürilmeýän azyk harytlarynyň içerki bazar üçin zerurlyklary öwrenilip, olary getirmek, ýeterlik gorlaryny döretmek we saklamak hem-de elýeter bahalardan ilatymyza ýetirmek boýunça işler utgaşdyrylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagyň, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri giňeltmegiň milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny, ählumumy işleri nazara almak bilen, onuň özüne ýeterlik derejesini we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwletimiz tarapyndan munuň üçin hemme zerur bolan mümkinçilikler we şertler döredilýär.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......