Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumyndaky işlere nägilelik bildirdi

  • 23.03.2020 22:38
  • 8.1k+

23-nji martda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda şähergurluşygy boýunça özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garady.
Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäheri bagy-bossanlyga büremek, onuň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny yzygiderli dowam etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýaz-meýdan işlerine, şol sanda gowaçanyň, ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, şu günler ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ak ekinlere edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda alnyp barylýar.
Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň netijeleri hem-de welaýatlaryň ähli çäklerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny, şolarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini gazanmak şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryny degişli derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we depgini barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy hasaplanylýan obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň bar bolan ähli kuwwatlyklaryny we mümkinçiliklerini doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şu günler ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça işleriň degişli derejede ýola goýulmaýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany bugdaýa we beýleki oba hojalyk ekinlerine zyýan berijileriň, haşal otlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alyş çäreleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň depgininiň pesdigini, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamakda birnäçe säwliklere ýol berilýändigini aýtdy. Umuman, obasenagat toplumyndaky işler degişli derejede alnyp barylmaýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, meýdan işlerini geçirmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, degişli gulluklaryň we düzümleriň özara sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...