Angliýanyň premýer ligasynyň duşuşyklary iýun we iýul aýlaryna geçirilip bilner

  • 22.03.2020 15:04
  • 4.1k+

Koronawirus zerarly Angliýanyň futbol boýunça togtadylan çempionaty iýun we iýul aýlarynda dowam etdirilip bilner. Bu barada «The Telegraph» britan neşiri habar berýär, diýip Trend TASS-a salgylanýar.
Öň bellenilişi ýaly, duşuşyklar tomaşaçysyz geçirilmelidi. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, indiki möwsüm 8-nji awgustda başlanar.
Iňlis premýer ligasynyň ýolbaşçylarynyň beýan etmegine görä, çempionat 30-njy aprelden bärde başlanmaz. Häzirki wagtda koronawirusyň ýaýramagy zerarly Italiýanyň (3-nji aprele çenli), Germaniýanyň (2-nji aprele çenli), Ispaniýanyň (5-nji aprele çenli) we Fransiýanyň (kesgitsiz möhlete çenli) futbol boýunça çempionatlary togtadyldy. Russiýanyň çempionaty 10-njy aprele çenli saklanyldy. Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň duşuşyklary ýatyryldy, sişenbe güni bolsa, Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) milli çempionatlary 30-njy iýundan gijä galman tamamlamagy maslahat berdi. Tomusda geçirilmegi meýilleşdirilen 2020-nji ýylyň Ýewropa çempionaty bir ýyl yza süýşürildi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......