Aşgabadyň günortasynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy gurlar

  • 22.03.2020 12:13
  • 7.5k+

Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurar. Aşgabat şäheriniň häkimligine RF-iň kompaniýasy bilen gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Gurluşyk işleri 2020-nji ýylyň mart aýynda başlanyp, desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, sil-suw akymlarynyň paýtagtymyzyň çäklerinden geçmek we ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, onuň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň beren teklibi has amatly teklip hökmünde saýlanyp alyndy.
Bu desgalar toplumynyň gurluşyk taslamalaryna Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi we oňyn netijenama alyndy.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......