Ukladyjy häsiýete eýe bolan önümler anyklanyldy

  • 21.03.2020 19:38
  • 8.4k+

Bize kofe ýaly gujur berýän berýän budilnik-önümler bar, emmä käbir önümler nerw sistemasyny rahatlandyryp, uklamaga kömek edýär.
Alymlar käbir iýmit önümleri adama ukusyzlykdan dynmaga kömek edýär diýen pikire geldiler, bu barada “Telegraf” neşirine salgylanmak bilen cursorinfo.co.il habar berýär.
Aşakda görkezilen önümler arkaly ukusyzlyk bilen göreşmek bolýar:
Kiwi. Kiwiniň miwesi C we E witaminlerinden, serotoninden hem-de foliýew kislotasyndan doly, şol sebäpli ol agşamyna ukudan öň iýmek üçin doly gabat gelýär. Peýdaly maddalaryň şeýle sazlaşygy ýakymly uka çalt aralaşmaga kömek edýär.
Soýa önümleri. Tofu, miso, edamame ýaly soýa önümleri izoflawona baýdyr. Bu birikme beýlekileriň arasynda sirkad ritmleriniň sazlaşmagyna gatnaşýan serotoniniň önümçiligini ýokarlandyrýar.
Balyk. Ukynyň gormony bolan melatonin organizmde B6 witamini ýeterlik derejede bolan ýagdaýynda has netijeli sintezlenýär. Bu witaminiň düzümi boýunça balyklaryň köpüsi, ýagny losos, paltus, treska we tunes rekordçy hasaplanylýar.
Ülje suwy. Ülje melatonin saklaýan tebigy önümleriň hataryna degişli. Bir stakan adaty ülje suwuny alymlar ukusyzlyk bilen göreşmegiň iň gowy serişdesi diýip hasaplaýarlar.
Süýt. Organizmde kalsiý ýetmezçiligi erbet ukynyň günäkärleriniň biri bolup durýar. Şol sebäpli hem bir stakan ýyly süýt iň gowy ukladyjy bolup hyzmat edýär. Kalsiýden başga-da, süýt triptofan aminokislotasyny saklaýar, olardan melatonin sintezlenýär. Ol nerw dartgynlylygyndan dynmaga, rahatlanmaga we ukyny kadalaşdyrmaga kömek edýär.
Ýatladyp geçsek, britan alymlarynyň maglumatlary boýunça adam bir gije-gündiziň dowamynda 9 sagat we 10 minut ýatmaly. Bu adamyň organizminiň dikelip ýetişmegi üçin ýeterlik, netijede, adam oýananyndan soň özüni has gowy duýýar. Şeýle-de, uka gitmegiň amatly wagty kesgitlenildi – bu 21:45. Oýanmagyň amatly wagty irden ýedi töwerekleri.

düýn 18:22
8.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....