“Barselona” Neýmary we Martinesi satyn almak üçin birnäçe oýunçylaryny satar

  • 20.03.2020 07:52
  • 7.3k+

“Mundo Deportivo” gazetiniň tassyklamagyna görä, tomus transfer penjiresinde “Barselona” “PSŽ”-niň hüjümçisi Neýmary we Interiň hüjümçisi Lautaro Martinesi satyn almaly, bu barada football.ua habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, katalonlylaryň iki transfere puly ýetmeýär, şonuň üçin klub öz futbolistleriniň birnäçesini satmaly bolýar.
Bellenilip geçilişi ýaly, olar ylalaşyga parižlilere Rakitiçi we Widaly, milanlylara bolsa Usman Dembeläni hödürlemek bilen öz oýunçylaryny goşup bilerler.
Ýatladyp geçsek, “PSŽ” hem tomusda “Ýuwentus”-yň ýarym goragçysy Miralem Pýaniç bilen şertnama baglaşmak isleýär.
Klubyň wekilleri eýýäm onuň Pariže geçmegi bilen baglylykda hawbekiň agenti bilen gepleşikleri geçirdi.
Ýöne futbolistiň özi geçen güýzde “Ýuwentus”-dan gitmegi meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Italiýanyň çempionatynyň häzirki oýnunda Pýaniç 22 oýna gatnaşdy we üç gezek gol saldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......