Türkmenistanda sanly ulgama geçmek işleri 2020-nji ýylyň oktýabryna çenli tamamlanar

  • 19.03.2020 22:25
  • 6.1k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler B.Abdyýewanyň hem-de B.Öwezowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow çap edilýän neşirleri elektron we internet görnüşine geçirmegiň türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biridigini, munuň olary häzirki zamanyň ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de hereket etmegiň degişli meýilnamasyny durmuşa geçirmek, elektron hökümet ulgamyny kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň häzirki döwürde bütin dünýäniň barýan ugry bolup durýandygyny, onuň biziň gündelik durmuşymyza we işimize ornaşýandygyny, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýändigini we mundan beýläk hem biziň öňümizde bu işleriň diňe tizleşmeginiň garaşýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Milli Liderimiz häzirki döwürde munuň möhüm bolan zerurlykdygyny hem-de ähli işleri oňat guramaga, utgaşdyrmaga we işleriň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän işleri dolandyrmagyň oňyn guralydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gysga wagtyň içinde «Elektron Hökümet» ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we bu babatda teklipleri bermegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli sanly ulgama geçmegi, aýratyn hem, bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......