Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Liderleri koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly meseläni maslahatlaşdy

  • 19.03.2020 21:28
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyp, dünýäde dartgynlylygy we kesgitsizligi döredýän hem-de halkara gatnaşyklaryň we söwdanyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanç keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldamak bilen, bu meseläni çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini hem-de degişli ugurda doganlyk Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
Iki ýurduň Baştutanlary koronawirusyň täsirine garşy durmakda goňşy döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini goldap, bilelikdäki hereketleriň bu çylşyrymly wezipäni üstünlikli çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwrüň wakalaryny, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ynanyşmak we birek-biregi hormatlamak nukdaýnazaryndan guralýan strategik türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......