Çeşme: Messi Neýmar dolanan ýagdaýynda “Barselonada” galar

  • 19.03.2020 09:40
  • 6.9k+

“Barselona”-nyň hüjümçisi Lionel Messi häzirki wagtda “Pari Sen-Žermen”-de çykyş edýän braziliýaly hüjümçi Neýmaryň dolanan ýagdaýynda klubda galmaga taýýar, bu barada championat.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, argentinaly oýunçy klubda özüni gowy duýanok. Oňa toparyň sport netijeleri, şeýle-de onuň dostlukly gatnaşygy saklaýan tälimçisi Ernesto Walwerdeniň işden gitmegi hiç hili ýaranok.
Messini klubda saklap biljek ýekeje zat, ol hem onuň bilen 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli klubyň düzüminde bile çykyş eden Neýmaryň dolanmagydyr. Messi “Barselona”-nyň ýetişdiren oýunçysy hasaplanylýar. Katalon klubynyň düzüminde bu hüjümçi 2001-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenilen.
Neýmar “Barselona”-dan “PSŽ”-niň düzümine 2017-nji ýylyň tomsunda 222 mln ýewro geçdi. Geçen tomus braziliýaly oýunçy “Barselona” dolanmaga synanyşyk etdi, ýöne klublar şertleşigiň maliýe ýagdaýy barada ylalaşyga gelip bilmediler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......