Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 18.03.2020 05:30
  • 11k+

17-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy. Çöllük ýerlerden geçmäge ukyply ulagda amala aşyran saparynyň barşynda döwlet Baştutany sähranyň ajaýyp görnüşlerini synlady.
Ajaýyp ekoulgamy bolan Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly künjegi döretmek, türkmen tebigatynyň netijeli we ylmy esasda peýdalanylmagyny üpjün etmek milli Liderimiziň amala aşyrýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Saparyň barşynda döwlet Baştutany Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy.
Hususan-da, munuň özi sazak, sözen, ojar, gara gandym, boýalyç, çomuç, gamak, üzärlik, keýigokara, ýandak, siňren, selin, yşgyn, çeti, ýowşan, dagdan ýaly dürli ösümliklerden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, bu ösümlikleriň her biriniň öz aýratynlyklary bolup, ähmiýeti boýunça
biri-birinden tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Garagumuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek boýunça abraýly halkara guramalary bilen bilelikdäki ylmy işleri dowam etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde çöl ösümlikleriniň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini, şolaryň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşyp, dürli ugurlarda peýdalanylýandygyny gürrüň berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sähra ýerlerinde tokaý zolaklarynyň döredilmeginiň, aýratyn-da sazak ekilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmeklerini üpjün etmek maksady bilen, olaryň bu ýerlerde bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Häzirki döwürde tebigy künjeklerde özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri yzygiderli dowam etmek gerek. Bu bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgamyna, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......