Dena Uaýt: Habib – Fergýuson göreşi geçiriler

  • 17.03.2020 22:12
  • 13k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýtyň ynandyrmagyna görä, esasy wakasy ýeňil agramda çempion Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň göreşinden ybarat boljak UFC 249 turniri ýatyrylmaz. Bu barada championat habar berdi.
“Bizde Newadadan başlap, bu göreşi geçirmek üçin birnäçe potensial ýer bardy. Indi bolsa Newada warianty aradan aýrylýar, ýöne biz ýene birnäçe ýerleriň gözleginde. Bu göreş geçiriler. Janköýerler alada etmän bilerler. Habibiň Fergýusona garşy göreşi bolar” – diýip Uaýt Twitterde Sports Center sahypasynda ýerleşdirilen interwýuda gürrüň berýär. Häzirki pursatda Dana Uaýt bu göreşi geçirmek üçin iki sany wariant tapjak bolýar. Ol göreşi Las-Wegasda we Bruklinde geçirmekligiň eýýäm hasaba alynmaýandygyny aýdýar.
Ýatladyp geçsek, UFC koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda turnirleri geçirmek üçin täze arenalary gözlemeli bolýar. UFC-niň prezidenti geljekki tomaşalaryň ählisiniň tertipnama boýunça geçiriljekdigine ynandyrýar.
Öň, Amerikanyň Newada ştatynyň Atletik komissiýasynyň koronawirus pandemiýasy zerarly ähli sport çärelerini saklamaklyk kararyna gelendigi barada informasiýa peýda boldy. Mundan başga-da, Nýu-Ýorkda sport çärelerini geçirmegi gadagan etme fonunda hut Las-Wegas UFC 249 turniri gurnaýjy üçin ätiýaç wariant bolupdy.
Habibiň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow hem Toni Fergýuson bilen göreşiň nirede geçiriljekdigi barada pikirini aýtdy.
“Bu Dubaý bolup biler. Birinjiden, ol ýerde kesel bilen göreşmek aňsat, sebäbi ol ýeri yssy. Meniň pikirimçe, Emirlikler hem UFC-niň göreşi üçin çalt we aňsat töläp bilerler. Göreş Russiýada geçirilip bilinmeýär” – diýip Nurmagomedow belleýär.
Belläp geçsek, öň Habib bilen Fergýusonyň göreşi dürli sebäplere görä dört gezek başa barmandy.

şu gün 12:45
180

Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi...

şu gün 11:32
1.3k+

ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy

18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek: «Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy...

şu gün 11:25
373

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

düýn 20:20
5.3k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler...