Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 16.03.2020 23:11
  • 4.1k+

16-njy martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäherini hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda göni wideoaragatnaşykda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy hem-de Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli açylyp ulanylmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
Soňra welaýat häkimleri sebitlerde işleriň ýagdaýy, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Şeýle-de gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, güýzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de oba hojalygynda şu günler ýaýbaňlandyrylan beýleki işler, şonuň ýaly-da, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşiniň barşy barada habar berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly seneler mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline mundan beýläk-de berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen möhüm wezipeleri çözmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, bu düýpli çäreleriň welaýatlaryň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Milli Liderimiz öňde boljak oba hojalyk möwsüminiň - gowaça ekişiniň möhümdigine ünsi çekip, gymmatly ekiniň ekişini guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi, hususan-da, ýerleri we zerur tohumlary doly taýýarlamagy tabşyrdy.
Welaýatlarda Halkara Nowruz gününe hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi baradaky meselä degip geçip, olary ýokary derejede geçirmek üçin hemme çäreleri görmek barada görkezme berdi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......