Nurmagomedow Makgregor-Getji göreşi barada pikirini aýtdy

  • 16.03.2020 21:39
  • 9.5k+

UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedow Konor Makgregor bilen Jastin Getjiniň arasynda geçirilmegi mümkin bolan göreş baradaky pikiri bilen paýlaşdy. Bu barada isport.ua habar berýär.
“Meniň özüm-ä Jastin Getjiniň ýeňmegini isleýärin. Ýöne bu ýerde mümkinçilikler deň. Belki, köpler hem bu ýerde elli-elli diýip pikir edýändir. Ähli zat aýak üstünde belli bolar. Jastin – elbetde, iň gowy ýeňil agramlylaryň biri.
Oňa diňe öz güýjüne ynanmak gerek. Özüniň bir wagt çempion boljakdygyna ynanmak gerek. Men Getjini onuň pikir obrazy üçin hormatlaýaryn. Maňa onuň pikir ýöredişi ýaraýar. Ol özüni synap görmek isleýär, bu hem gowy” – “MMA Junkie” täzelikler saýty Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.
Ýatladyp geçsek, Makgregor ýanwarda amerikaly Donald Serronäni birinji raundda nokautirledi. Getji geçen ýylyň sentýabrynda oktagona çykdy. Şonda ol hem Serronäni nokautirledi.
Öň, Makgregoryň Getji bilen göreş barada gepleşiklere başlandygy habar berildi. Ýagny, UFC-niň iki agram boýunça ozalky çempiony Konor Makgregor indiki göreşini amerikan Jastin Getjä garşy alyp barmagy mümkin we bu göreş 2020-nji ýylyň tomsunda geçiriler diýen pikir bar.
Ýaňy-ýakynda Habib Fergýuson bilen bagly göreşi barada instagramda şeýle ýazdy: “Bizi arena salyň, şonda siz kimiň çempiondygyny bilersiňiz”.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......