Dana Uaýt koronawirus zerarly UFC-niň geljekki turnirleriniň nähili boljakdygyny aýtdy

  • 14.03.2020 19:23
  • 7.7k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt UFC-niň koronawirus pandemiýasy zerarly howp astynda galan geljekki turnirleriniň nähili boljakdygyny aýtdy, bu barada fighttime.ru portaly habar berýär.
Guramanyň ýolbaşçysy geljekki çäräniň, ýagny Braziliýadaky UFC Fight Night 170 turniriniň ýatyrylmajakdygyny, ýöne onuň ýapyk gapylarda we boş münberleriň astynda geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. 21-nji martda Londonda geçiriljek UFC Fight Night 171 turniri heniz üýtgeşmesiz galýar, ýöne eger-de ýerli hökümet bu çäräni tomaşaçylar üçin ýapmak islese, gurama oňa garşylyk görkezmez. Britan çäresiniň yzyndan gelýän iki turnir, ýagny Kolambusdaky UFC on ESPN 8 we Portlendäki UFC Fight Night 172 turnirleri Las-Wegasdaky UFC APEX meýdançasyna geçiriler we ol hem muşdaksyz geçer.
Indiki çäre, ýagny 18-nji aprelde Bruklinde geçiriljek UFC 249: Habib-Fergýuson turniri barada aýdylanda, bu barada entek hiç hili karara gelinmedi. Öň Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Endrýu Kuomonyň 500-den gowrak adamyň gatnaşmagynda uly çäreleriň geçirilmegini gadagan edendigi belli boldy.
Dana Uaýtyň aýtmagyna görä, geçen penşenbe güni onuň hut özi ýüze çykan ýagdaýy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem-de wise-prezident Maýk Penson bilen maslahatlaşyp, olary oktagonda we ondan daşarda göreşijileriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin guramanyň ähli howpsuzlyk çärelerini göz öňünde tutjakdygyna ynandyrdy.
“Biz hemişe döwür bilen aýakdaş gidýäris. 25 ýylyň içinde UFC-de hiç hili ölüm hem, düýpli şikes ýetme hem bolup geçmedi. Bu barada pikirlenip görüň. Sebäbi biz hemişe howpsuzlyga we saglyga aýratyn üns berýäris we biz muny şeýle ruhda-da dowam etdirmekçi bolýarys. Şu wagt her kimde howsala bar, ýöne howsala düşmegiň deregine biz lukmanlar bilen, saglygy goraýyş ministrliginiň agzalary we hökümetler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlemegimizi dowam etdirýäris we biz sportumyzy nähili howpsuzlandyrmalydygyny hem-de çärämizi nähili geçirmelidigimizi anyklamaga çalyşýarys ” – diýip, MMA Junkie habarlar saýty Uaýtyň sözlerini getirýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......