Nurmagomedow-Makgregor rewanşynyň gurnalmagy üçin UFC-niň prezidentine wehim salýarlar

  • 12.03.2020 22:36
  • 15k+

UFC-niň göreşijisi Jastin Getji eger-de guramanyň prezidenti Deýna Uaýt Konor Makgregora Habib Nurmagomedow bilen rewanş etmäge ýol berse hem-de Jastiniň titul talabyny äsgermezlik etse, onda onuň üstüne “uruş bilen barmagy” wada berdi.
“Men Uaýt Konora Habib bilen rewanş berse, onuň burnuna uraryn. Eger-de ol menden titul göreşi mümkinçiligini almaga çalyşsa, onda maňa onuň bilen uruşmak gerek bolar. Bu adalatsyz bolar. Men parahat adam we men öz ýolbaşçylarymy sylaýaryn. Ýöne eger-de ol muny etse, men onuň üstüne uruş bilen bararyn” – diýip, BJPenn Jastin Getjiniň sözlerini getirýär.
Jastin Getji häzirki wagtda ýeňil agramlylaryň reýtinginde dördünji orny eýeleýär. UFC-niň oňa Makgregor bilen göreş bermegi hem ahmal, sebäbi top-bäşlikdäki beýleki göreşijiler boş däl. Habib Nurmagomedow 18-nji aprelde Toni Fergýuson bilen göreş geçirer, Dastin Porýe bolsa eýýäm Den Huker bilen duşuşyk barada gepleşdi.
Öň, Nurmagomedow Makgregor Getjini ýeňse, oňa rewanş bermäge razydygyny aýtdy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......