Türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

  • 12.03.2020 17:53
  • 7.6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň ýanyndaky Döwlet raýat awiasiýasy agentliginiň arasynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjanyň Telewideniýe we radiogepleşikler ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
Kitaphana işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Baku döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama;
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Azertelecom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Türkmenistanyň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň arasynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama;
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak we öwrenmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Teswirnama;
Ýer kadastry babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet tarapyndan bellige almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasyny we Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini özara bermek hakyndaky Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Dolandyryş ulgamlary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Eksporty we maýa goýumlary höweslendiriş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Halkara awtomobil gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2008-nji ýylyň 19-njy maýyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekildi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......