«Atletika» we «PSŽ» Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdylar

  • 12.03.2020 17:33
  • 3.1k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Madridiň «Atletiko» kluby jogap duşuşygynda goşmaça wagtda 3:2 hasap bilen iňlisleriň «Liwerpul» klubyndan üstün çykdy. Netijede Ýaryşyň geçen ýylky çempiony oýundan çykdy. Madridde geçirilen birinji duşuşyk ispan klubynyň 1:0 hasap bilen ýeňmeginde tamamlandy. Jogap duşuşygy bolsa, oýnuň esasy wagtynda hut şol hasap bilen, emma iňlisleriň peýdasyna boldy. Ýöne goşmaça wagtda üstünlik myhmanlaryň tarapynda boldy. Bu ýeňliş Ýurgen Kloppyň Çempionlar ligasynda «Liwerpul» bilen ilkinji ýeňlişi boldy.
Fransuzlaryň «Pari Sen-Žermen» topary öz öýünde 2:0 hasap bilen Dortmundyň «Borussiýasyny» ýeňmegi başardy. Birinji duşuşyk 2:1 hasap bilen «Borussiýanyň» peýdasyna tamamlanypdy. Parižde geçirilen duşuşykda birinji ýarymda Neýmar we Huan Bernat tapawutlandy. Koronawirusyň ýaýrama howpy zerarly duşuşyk tomaşaçysyz geçdi.
Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynyň birinji duşuşyklary 7-nji, 8-nji aprelde geçiriler, jogap duşuşyklary bolsa, 14-15-ine geçer.

şu gün 12:45
1.4k+

Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi...

şu gün 11:32
2.4k+

ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy

18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek: «Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy...

şu gün 11:25
730

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

düýn 20:20
5.4k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler...