Türkmenistanyň Merkezi banky halkara pul geçirimleri boýunça walýuta amallaryna üýtgeşmeler girizdi

  • 10.03.2020 23:29
  • 23k+

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan maliýe serişdelerini düzgünleşdirmek maksady bilen, daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly ýaşlar üçin her aýda milli puly 300 (üç ýüz) amerikan dollaryna çenli çalşylyp, olaryň halkara töleg kartlaryna (“Visa” we “MasterCard”) geçirilip berilýär, diýip Turkmenportal habar berýär.
“WestemUnion”, “MoneyGram” halkara töleg kartlarynyň üsti bilen bolsa her aýda milli puly 200 (iki ýüz) amerikan dollaryna çenli möçberde çalşylyp, ol daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlara olaryň özleriniň ýa-da maşgala agzalarynyň ýüztutmasy esasynda iberilýär. Şunda halkara töleg kartlary (“Visa” we “MasterCard”) Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr.
Pul geçirilmeleri taýýarlyk, dil öwreniş döwri, ordinatura, magistratura, doktorantura we beýleki ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimlerinde okaýanlara, şeýle-de 2020-nji ýylda başlanýan okuw ýylyndan öň daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralaryna okuwa kabul edilenlere degişli däldir.
Bellenilen möçberdäki tölegler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri boýunça tassyklan sanawy esasynda amala aşyrlar. Tölegleri amala aşyrmak üçin okuwlaryň gündizki görnüşinde (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) bolmagy hökmanydyr.
Türkmenistanyň Merkezi banky Bilim ministrligi tarapyndan berilýän bu sanawy we maglumatlary döwürleýin ýurduň ygtyýarly karz edaralaryna ýetirýär.
Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýurduň çäginden daşarda saglygynyň barlanmagynyň we bejerilmeginiň zerurlygy baradaky netijenamasyny alan raýatyň bir ýylda jemi aňryçäk möçberi 20 000 (ýigrimi müň) amerikan dollaryna çenli daşary ýurt puluny bölekleýin ýa-da bir gezekde daşary ýurt saglygy goraýyş edaralarynyň hasabynda görkezilen möçberde çalşylyp, tölegi şol saglygy goraýyş edaralarynyň hasabyna geçirip berilýär ýa-da her aýda 1 000 (bir müň) amerikan dollaryna çenli çalşylyp, şol raýatyň halkara töleg kartlaryna (Visa we MasterCard) geçirip berilýär.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......