“Barselona” Messä ýylda 50 mln ýewroly aýlyk bilen şertnama hödürlär

  • 09.03.2020 22:30
  • 3.7k+

Katalon “Barselonasynyň” ýolbaşçylygy toparyň esasy oýunçysy Lionel Messi üçin täze zähmet şertnamasyny taýýarlaýar, bu barada euro-football.ru habar berýär.
“Gök-gyzyllar” 32 ýaşly argentinaly hüjümçi bilen täze şertnama baglanyşmaly, oňa laýyklykda futbolçy möwsüm üçin 50 million ýewro gazanar. Şertnamanyň möhleti 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli niýetleniler.
Messi “Barselonanyň” ýetişdiren futbolçysy hasaplanylýar. Katalon klubynyň düzüminde hüjümçi 2001-nji ýyldan bäri çykyş edýär.
Ýatladyp geçsek, taraplaryň arasyndaky häzirki şertnamanyň möhleti 2021-nji ýylyň tomsunda gutarýar. Ýöne onda futbolçynyň ýakyn tomusda hiç hili tölegsiz topardan gidip bilýändigini görkezýän punkt hem bar.
Şu möwsümde ähli tapgyrda Lionel “gök-gyzyllar” üçin 31 oýna gatnaşyp, 24 gezek gol saldy we 16 gezek netijeli pas geçirim etdi. Öz karýerasynda Messi jemi ispan kluby üçin 718 oýna gatnaşmak bilen 627 gezek gol saldy we 261 gezek netijeli ýardam pasyny geçirdi.
“Barselona” 58 utuk gazanmak bilen ispan Premýerasynyň turnir tablisasyny esaslandyrýar. 28-nji tapgyrda Enrik Setýeniň topary “Malýorka” bilen duşuşar. Duşuşyk 14-nji martda geçiriler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......