“Barselonanyň” täze formasynyň suraty peýda boldy

  • 09.03.2020 21:22
  • 4.5k+

Internetde “Barselonanyň” oýunçylarynyň 2020/21 möwsümde geýmeli bolan üçünji formalarynyň suraty peýda boldy. Katalonlylaryň eşikleriniň üçünji komplekti gülgüne reňkde, hemaýat edijiniň we öndürijiniň logotipi bolsa gara reňkde berlen. Futbolkanyň ýeňinde gara we mawy reňkli zolaklar bar.
Katalonlylar üçin formany Nike kompaniýasy döretdi. Ol 2020-nji ýylyň sentýabrynda hödürleniler.
Belläp geçsek, gülgüne eýýäm “Barselonanyň” eşiginde öň peýda boldy. Toparyň 2018/19-möwsümdäki üçünji formasy hut şu reňkde ýerine ýetirilipdi. “Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messiniň La Liga tarapyndan fewral boýunça iň gymmat futbolist diýlip ykrar edilendigini hem belläp geçmek gerek.
Geçen aýda 32 ýaşly argentinaly oýunçy Ispaniýanyň çempionatynda dört oýna gatnaşdy. Olarda katalonlylaryň hüjümçisi dört gezek gol saldy we alty gezek netijeli pas etdi.
“Barselona” bu döwürde “Lewanteni” (2:1), “Betisi” (3:2), “Hetafeni” (2:1) we “Eýbary” (5:0) utdy.
La Liganyň häzirki möwsüminde Lioneliň hasabynda 21 oýun, 18 gol we 12 netijeli pas bar.
“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynyň turnir tablisasynda 26 tapgyrda 55 utuk gazanmak bilen ikinji orunda ýerleşýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......