“Ýuwentus” Zidany çagyrmaklyga gyzyklanma bildirýär

  • 09.03.2020 21:06
  • 3.7k+

“Ýuwentusyň” ýolbaşçylygy toparyň Maurisio Sarriniň ýolbaşçylygyndaky durnuksyz oýnundan nägile bolýar, şol sebäpli ýakyn möwsüm aralygynda Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Zinedin Zidany çagyrmak isleýär. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär. 47 ýaşly fransuzyň hem Turin klubyna ýolbaşçylyk etmäge garşylygy ýok, çünki onuň ispan futbolçylary bilen gatnaşygy gaty bir gowy däl.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, turin kluby Zidana möwsüm üçin 8 million ýewro bilen üç ýyllyk şertnamany teklip etmäge taýýar.
“Ýuwentusyň” prezidenti Andrea Anýelli fransuz hünärmeni bilen gowy gatnaşyk saklaýar. Olar tomus dynç alyşlaryny bile geçirmegi gowy görýärler. Şol bir wagtda Zidan hem italýan klubyna geçmek mümkinçiligini gözden geçirýär, ýöne ol klubyň “Real” bilen şertnamany ýatyrany üçin tölemegini islemeýär.
Zidan bilen “Realyň” prezidenti Florentino Peresiň biri-biri bilen ýakyn gatnaşyk saklaýandygy habar berilýär, ýöne oýunçylaryň nägilelikleri baradaky gürrüňleriň esasynda bu gatnaşygyň ýaramazlaşmagy hem ahmal.
Turinliler fransuz tälimçisini Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin mynasyp dalaşgär hasaplaýarlar. Belläp geçsek, oýunçy hökmünde Zidan “Ýuwentus” üçin 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli aralykda 150 oýna gatnaşdy. Şondan soň ol “Reala” geçýär we ol ýerde hem 2006-njy ýyla çenli oýnaýar. Zidanyň “Real” bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.
“Realyň” hasabynda Ispaniýanyň çempionatynyň 26 tapgyryndan soň 56 utuk bar we ol turnir tablisasyny esaslandyrýar, ol “Barselonadan” bir bal üstün çykýar.
“Ýuwentus” Italiýanyň çempionatynyň 25 oýnundan soň 60 utuga eýe we ol ikinji ýerde. “Lasio” liderlik edýär, onuň 26 duşuşykdan soň 62 utugy bar.

düýn 20:20
5k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler...

düýn 19:45
4k+

Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki ýaryşlarynyň finallaryna biletler näçeden?

 UEFA 2026-njy ýylyň klub ýaryşlarynyň finallaryna biletleri satyp başlady we eýýäm stadiona girmegiň aňsat bolmajakdygy düşnükli. Biletleri diňe guramanyň resmi saýty arkaly alyp bolýar, emma olary göni satyn almak mümkin däl...

düýn 15:25
2k+

“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy

Angliýanyň premier-ligasy Londonyň “Çelsi” klubuna 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, klub Roman Abramowiçiň eýeçiliginde bolan döwründe goýberilen maliýe düzgün bozulmalary üçin 10,75 million funt sterling (takmynan 14,3 million dollar) jerime saldy...

16.03.2026 17:11
5.3k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...